Eý Muhammed maňa Islam hakda aýdyp ber.

Resullallah aýytdy:

- Seniň Allahdan başga ilähiň ýoklygyna we Muhammed Allahyň resulydygyna şaýat bolmaklgyňdyr, we namazy dikeltmekligiň, zekat bermekligiň remezanda agzyňy beklemekligiň, eger ýoluny başarsaň käbä haj etmekligiň.”Ol aýtdy:

Dogry aýtdyň.

Onuň soraýşyna we tassyklaýşyna haýran galdyk. Ol aýtdy:

-Maňa iman hakda aýdyp ber. Resulallah aýtdy: -Allaha, Onuň perişdelerine, kitaplaryna, resullaryna, ahyret gününe we takdyryň haýry we şerine ynanmaklygyň.Ol aýtdy: - Dogry aýtdyň. Maňa ihsan hakda habar ber.

Resulallah aýtdy: - Seniň Allaha ybadat etmekligiň Ony(Allahy) görýän ýaly, eger sen Ony görmeseňde Ol seni görýändir.

Ol aýtdy: - Maňa kyýamat hakda aýdyp ber.Resulallah aýtdy: - Soralýan(adam) soraýjydan gowy bilmeýär.

Ol aýtdy: -Onuň alamatlary hakda aýdyp ber.

Resulallah aýtdy: - Enäniň hojaýynyny dogyrmaklygy, sen aýak ýalaňaç, garyp çopanlaryň beýik jaýlary gurmaklykda ýaryşyşlaryny görersiň.

Soňra ol adam gitdi. Men bolsa az-salym galdym.We resulallahmaňa ýüzlenip...-Eý Omar, soraýjynyň kimdigini bildiňmi? Men aýtdym: - Allah we Onuň resuly gowy biler diýdim. Resulallah aýtdy: - Ol Jebraýyl(perişde)size diniňizi öwretmäge geldi.

Üçinji esas.

Pygamberiňiz Muhammet (sollollohi aleýhi we sellemi)

tanamak

Ol Ibrohum Halylullahyň ogly Ismaýylyň zürriýatlaryndan bolan araplaryň Kureýş taýpasyndan bolan Häşiminiň ogly Abdul-mutallybyň hem ogly Abdullahyň ogly Muhammeddyr (aleyhi we ala nebiýýinä afzolissolätu wessäläm).

Ol altmyş üç ýaşady. Onuň 40 ýaşy pygamberlikden öň, soňky ýigrimi üç ýyly bolsa pygamberlik we resullyk eden ýyllarydyr.

,,Ykro’o”surasy bilen ,,nebi” ýagny pygamber boldy. ,,Muddässir”suwrasy bilen ,,resulallah” ýagny, ,,Allahyň ilçisi” boldy. We onuň şäheri Mekkedir. We Medine şäherine ,,hijret” etdi. ,,Hijret” sözüniň manysy küfür şäherini taşlap islam şäherine gitmekdir. Allahtagala ony ,,şirkden” duýduryp ,,towhyda” çagyr-maklyk üçin iberdi. Delili: ,,Eý bürenen. Tur we duýdur. We Robbyňy beýgelt. We eşigiňi arassala. Paýyş(sözlerden)gaç. Köpi isläp sadaka berme(birine sowgat bereniňde öwezine zat tamakin bolma). We Robbuňa sabyr et.” (Muddessir 1-7-nji aýatlary)

,,Tur we duýdur”- manysy ,, şirkden” duýdurýar we ,,towhyda” çagyrýar. ,,We Robbuňy beýgelt”– manysy yagny, towhydyň azamatlygyny (ulydygyny) aňladýar. ,,We eşigiňi arassala”manysy amallaryňy şirkden arassala. ,,Paýyş(sözden)gaç”- manysy butdan we oňa çokunýanlary terk et.

Ol birinji on ýylda ,,towhyda” çagyryp başlady. (Entek haram, halal hökümleri emir edilmedi). Ýene on ýyldan soň ol ,,mygraja” yagny asmana çykdy. Şonda oňa we onuň ymmatyna bäş wagt namaz parz edildi. We ondan soň ,,hijret” etmeklik emir edilýär.

Bu ymmata şirk şäherinden islam şäherine hijret etmek parzdyr. Ol ýagny, hijret kyýamada çenli dowam etmelidir.

Delili: ,,Hakykatdanda perişdeler öz janlaryna zulum edenleriň janlaryny alanlarynda aýtdylar. Siz nähili ýagdaýda bolduňyz. Olar aýtdylar: Biz ýerde ejizdik. Olar(perişdeler)aýtdy: Eýsem, hijret etmek üçin Allahyň ýeri giň dälmidi? Olaryň jaýlary jähennemdir.(ol)beýle ýaman düşelgedir. Olar dogry ýoly tapyp başarmadyk we hilelik edip başarmadyk ejiz bolan erkeklerden we aýallardan we çagalardan başgalardyr. Belki, Allah olaryň günählerini bagyşlar, çünki Allah(günähleri) bagyşlaýjy we ýalkaýjydyr.”(Nisa suwrasynyň 97-99-njy aýatlary).

Başga bir aýatda: ,, eý iman getiren bendelerim meniň ýerim giňdir we maňa ybadat ediň”. (Ankebut 56-njy aýaty). El-Bagawi Allah oňa rehmet etsin - aýtdy : Bu aýatyň sebäbi nuzuly (aýatyň inmekliginiň sebäbi) Mekgedäki hijret edip bilmedik musulmanlara, Allahtagala olary imanyň ady bilen çagyrdy (olar imanly diýdi).

Hadisdaky delil: ,,Hijret bes edilmez, tä toba bes edilýänçä, toba bes edilmez, tä günbatardan gün dogýança.”

Haçanda (Muhammed sollollohi aleýhi we sellem Mekgede ornaşanda Islamyň galan şertleri hem emiredilýär. Ýagny, zekat, ruwza, haj, jihäd, azan, emri magruf (gowylyga çagyrmak), nehi munker ýaramazlykdan gaýtarmak we şuňa meňzeş Islamyň şertleri

Ol on ýyllap şunuň bilen meşgullandy. We ondan soň ol sollollohi aleýhi we sellemiň dini galdy. We bu onuň dinidir. Haýyrly zatlaryň hemmesini adamlara ýetirdi. Şer zatlaryň hem adamlara ýetirilmän galany ýokdyr.

Haýyrly bolan zat ,,towhydy”ýerine ýetirmekdir. We Allahtagalanyň söýen we razy bolan zatlarydyr. Onuň duýdyran şer bolan zatlary we Allahtagalanyň ýigrenen we razy bolmadyk zatlary ,,şirkdir”.

Allahtagala ony sollollohi aleýhi we sellemi ähli insanlara iberdi, we ähli sakaleýne (jyn we insan) Muhammed sollollohi aleýhi we selleme etagat etmeklerini Allah parz etdi. Delili: ,,Aýt,(Muhammed sollollohi aleýhi we sellem) eý, adamlar hakykatdanda men siziň hemmäňize Allahyň ilçisidirin.”(Agrof 158-nji aýaty)

We Allah dinini kämil etdi. Delili: ,,Bu gün men size diniňizi kämil etdim we size nygmatymy tamam etdim we sizden Islam dininde razy boldum”. (Mäide 3-nji aýaty).

Onuň (sollollohi aleýhi we sellemiň) ölidigine delil: ,,Seniň hem başyň ölümlidir, olaryň hem başy ölümlidir. Soňra siz kyýamat gününde Robbyňyzyň huzurunda jedel edersiňiz.” (käfirler eşitmedik diýmez ýaly). (Zümer 30-31-nji aýatlar). Haçanda adamlar ölenlrinden soň, direlýärler. Delili: ,,Biz ondan(toprakdan)sizi ýaratdyk, we(ýene)oňa gaýtararys, we(kyýamat güni)ýene ondan çykarararys”. (Toha 55-nji aýaty) We başga bir aýatda: ,,We Allah sizi ýerden ösümlik edip ösdürdi. Soň sizi oňa(ýere)gaýtarar, we(kyýamat güni)sizi çykarmak çykarar.”(ýagny, her kim öz eden amallaryna görä kyýamatda direldiljekdir.) (Nuh 17-18-nji aýatlary).

Direlişden soň hasaba çekilerler we eden amallaryna görä jeza beriler. Delili: ,,Asmanlardaky we ýerdäki zatlar Allahyňkydyr Ol erbet eden amallaryna erbet jeza berýändir, ýagşy eden amallaryna haýyrly jeza berýändir.” (Nejm 31-nji aýaty)

We kim direlmekligi ýalan saýsa, käfir boldy. Delili: ,,Käfir bolan kimseler, direlmezler diýip çen etdiler. Robbymdan kasam edýärin. Siz hökman direldilersiňiz - diýip aýt, soň näme eden bolsaňyz habar beriler we şol Allaha aňsatdyr.” (Tagobun 7-nji aýaty)We Allah resullarynyň ählisini buşlamak we duýdurmak üçin iberdi. Delili: ,,Resullary iberilen soň Allaha garşy hüjjetleri (delilleri) bolmaz ýaly. Buşlaýjy we duýdyrjy resullaryny iberdi.”(Nisa 165-nji aýaty) Owwalky (resullary) Nuh aleýhissalam we ahyrky (resuly) Muhammed sollollohi aleýhi we sellemdir . Delili: ,,Hakykatdanda biz saňa wahyý berdik edil Nuhaaleýhissalama wahyý berişimiz ýaly we ondan soňky pygamberlere hem.” (Nisa 163-nji aýaty).We Allahtagala her ymmata resul iberdi Nuhdan Muhammede çenli.Olara bir Allaha ybadat etmekligi emir etdi we taguta ybadat etmeklikden gaýtardy. Delili: ,,We Allaha ybadat etmeklik we ,,tagutdan” gaçmaklyk üçin, tahkyk biz her ymmata resul iberdik.” (Nahl 36-nji aýaty)

Allahtagala ähli gullaryna ,,taguta” käfirlik etmekligi emir etdi. We Özüne iman getirmekligi parz etdi.

Ibn Kaýýum - Allah oňa rehim etsin- aýtdy ,,Tagut - ol şerigatyň kesgitlän serhedinden täjäwuz etmekdir (ýagny, hetden aşmakdyr) ybadatda, tabyn bolmakda ýa-da boyun bolmakda. ,,Tagutlar” köpdir, olaryň esasylary bäşdir: Iblis lagnatullah, we adamlardan özüne ybadat edilende ol razy bolsa, kim özüne adamlaryň ybadat etmekligi üçin çagyrsa, gaýypdan bilýärin diýse, Allahtagalanyň indiren zadyndan başga zat bilen höküm etse.

Delili: ,,Dinde mejburlyk ýokdyr. Dogry ýol azaşmaklykdan aýdyň boldy, we kim taguta küfürlik edip Allaha iman getirse, ol berk ýapyşalgadan ýapyşan-dyr. Allah eşidiji we görüjidir.(Bakara 256-nji aýaty). (Munyň manysy hem ,,Lä ilähe illalloh”- dyr). We hadisda gelipdir: ,,Diniň başy Islamdyr, we sütüni namazdyr, belent derejesi bolsa, Allah ýolunda jihäd etmekdir.” Bellik! (“Jihäd” diyen adalga diňe duşmana garşy bolan söweş göz öňünde tutulmaýar, eýsem öz nebsiň bilen jihäd etmek we garyplara maddy hem magnawi taýdan ýardam etmek hem degişlidir).Wellohi aglam. We sollollohi ala Muhammed we älihi we sohbihi we sellem.

Наши рекомендации