Türkmenistanyň döwlet baýramçylyklary we matam günleri
Döwletiň esasy döwlet we milli baýramçylyklary : Täze ýyl — 1-nji ýanwar, Döwlet Baýdagynyň güni — 19-njy fewral, Halkara zenanlar güni — 8-nji mart, Milli bahar baýramy (Nowruz) — 21-22-nji mart, Ýeňiş güni — 9-njy maý, Konstitusiýa güni we Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni — 18-nji maý, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni — 27-28-nji oktýabr, Türkmenistanyň milli baýramy — Bitaraplyk güni — 12-nji dekabr.
Her ýyl bellenilip geçilýän Gurban baýramynyň we Oraza baýramynyň seneleri Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryna laýyklykda kesgitlenilýär.
Matam günleri:Milli ýatlama güni — 6-njy oktýabr.
Daşary syýasat ýurduň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakyndaky Konstitusion kanuny, Türkmenistanyň bitarap döwlet hökmünde daşary syýasy Konsepsiýasy, beýleki kanun çykaryjy namalar esasynda amala aşyrylýar. Türkmenistanyň daşary syýasaty içeri syýasatyň logiki dowamy bolup, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen Hemişelik bitaraplyk halkara-hukuk derejesi bilen kesgitlenýär.
Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy wezipeleri:
- Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlygyny gorap saklamak we berkitmek, halkara gatnaşyklary ulgamynda onuň ähmiýetini we tutýan ornuny ösdürmek;
- döwletiň içerki ösüşi üçin iň ýokary amatly daşary-syýasy şertleri döretmek;
- diplomatik tejribede bar bolan diplomatik gatnaşyklaryň ähli görnüşleri bilen Türkmenistanyň milli bähbitlerini goramak we amala aşyrmak;
- halkara tejribesinde bar bolan diplomatik gatnaşyklaryň ähli görnüşleri bilen Türkmenistanyň milli bähbitlerini amala aşyrmak we goramak;
- Türkmenistanyň howpsuzlygyny syýasy, diplomatik serişdeler bilen üpjün etmek;
- deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak esasynda ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen oňyn özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek;
- Türkmenistanyň daşary syýasy hereketleriniň halkara hukugyna we BMG-niň Ustawyna doly laýyklygyny üpjün etmek.
Ykdysadyýet
Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşi orta möhletleýin we uzak möhletleýin döwürlere niýetlenen milli we döwlet maksatnamalary esasynda amala aşyrylýar.
Bu gün Türkmenistanda elektroenergetika, nebit-gaz çykarýan, nebiti gaýtadan işleýän, himiýa we nebit- himiýasenagatlaryndan, maşyn-gurluşyk we demiri gaýtadan işleýän, gurluşyk materiallaryny öndürýän desgalar, ýeňil we azyk senagatynyň kärhanalary bilen üpjün edilen köp pudakly, dürli maksatly ykdysadyýet döredildi.
Türkmenistanyň içerki önüminiň ösüş depgini 2013-nji ýylda, 2012-nji ýylyň bahalary bilen deňeşdirilende, 10,2% deň boldy. Senagat önümçiliginiň ösüş möçberi 7,3% boldy. Geçen döwür bilen deňeşdirilende, maýa goýumlarynyň möçberiniň ösüşi 7,1%, zähmet hakynyň möçberi 11% boldy.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurtda milli ykdysadyýetiň diwersifikasiýa edilmegine we oňa innowasion häsiýetiniň berilmegine gönükdirilen milli we döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, uly möçberli özgetrmeler amala aşyrylýar.
Şu nukdaýnazardan, soňky ýyllaryň içinde adaty bolan pudaklar, ýagny, nebit-gaz toplumy, elektroenergetika, oba hojalygy, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk pudagy düýpli ösüşe eýe boldy. Şunuň bilen bir wagtda, ykdysadyýetiň täze pudaklaryny: himiýa önümçiligini, dokma pudagyny, gurluşuk materiallary önümçiligini, telekommunikasiýalar we beýleki ýokary tehnologiýa pudaklaryny emele getirmek boýunça işler alnyp barylýar.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdy 2012-2016-njy ýyllar üçin durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça geçirilýän işleriň çäklerinde orta möhletleýin geljekde ýokarda agzalan pudaklary mundan beýläk ösdürmäge gönükdirilen ýörite maksatnamalar işlenip düzüldi.
Türkmenistan beýleki ýurtlar bilen özüniň daşary ykdysady gatnaşyklaryny işjeň ösdürýär. Bu gün Türkmenistan dünýäniň 103 sany ýurdy bilen söwda gatnaşyklaryny saklaýar. Daşary söwda dolanyşygynyň ösüşi 2012-nji ýylda 102% deň boldy.
Uglewodorod serişdeleriniň umumy gorlary 45,44 mlrd. tonna şertleýin ýangyja deň.
2012-nji ýylda Türkmenistanda 69 mlrd. kub metrden gowrak tebigy gaz we 11 mln. tonna golaý nebit we gaz kondensanty gazylypçykaryldy.2030-njy ýyla çenli Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny ösdürmek baradaky maksatnamasy tebigy gazyň çykarylyşyny 250 mlrd. kub metre, nebitiň çykarylyşyny bolsa 110 mln. tonna çenli artdyrmagy göz öňünde tutýar.
Ykrar edilen tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän, şeýle hem geografik ýerleşiş aýratynlyklaryny nazara almak bilen, Türkmenistan özüniň halkara hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatyny, hususan-da, energetika pudagynda, türkmen uglewodorod çeşmelerine we olary daşamagyň serişdelerine hyzmatdaşlaryň deň ygtyýarlylygyny üpjün etmek esasynda alyp barýar. Bu türkmen energiýa geçirjilerini halkara energetika bazaryna çykarmak üçin köpugurly ulag-turbageçiriji infrastrukturalarynyň döredilmegini göz öňüne tutýar.
Şuňa laýyklykda, ýurt adaty ulanýan ugurlary bilen bir hatarda, 2009-njy ýylda özüniň energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilmegi üçin iki sany täze iri taslamany, ýagny, Türkmenistandan Hytaýa we Türkmenistan–Eýran ugry boýunça ikinji gaz geçirijisini amala aşyrdy, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan ugry boýunça gaz geçirjisini hyzmatdaşlary bilen durmuşa geçirmeklige içgin girişdi.
Türkmenistan energiýa geçirjilerini Ýewropa döwletlerine ýetirmek babatda hem içgin gyzyklanmak bilen garaýar.
Tebigy baýlyklar bilen birwagtda Türkmenistanyň energetika pudagynyň diwersifikasiýa strukturasy, ilkinji nobada uglewodorod çig malyna esaslanan, senagatyň gaýtadan işleýän täze pudaklaryny döretmegiň üsti bilen yzygider amala aşyrylýar. Bu sebitiň ajaýyp geografiki ýerleşişini hasaba almak bilen, Merkezi Aziýa we Hazar zolagynda Türkmenistan halkara ulag taslamalaryny bilelikde işläp düzmegi möhüm hasaplaýar.
Bu gün elektroenergetika milli ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýar. Onuň ösüşi ýurduň energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge hem-de giň sebitara hyzmatdaşlyga öran oňaýly täsir edýär. Türkmenistanyň elektroenergetikasy ýurduň içki sarp ediş talaplaryny doly berjaý edýär. Türkmenistanyň energiýa ulgamy Merkezi Aziýanyň birleşen energiýa ulgamy bilen baglanyşykly we elektroenergiýanyň köp bölegini Owganystana, Eýrana, Türkiýä, Täjigistana we sebitiň beýleki ýurtlaryna eksport etmäge ukyply. Ýurduň energetika pudagynyň potensialy yzygiderli artdyrylýar:
Täze elektrostansiýalar we elektrogeçiriji ulgamlar gurulýar, bar bolan energetiki desgalaryň durky täzelenýär we döwrebaplaşdyrylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň kararyna laýyklykda 2011-nji ýylyň 25-nji fewralynda Mary we Lebap welaýatlarynda ýokary woltly elektrogeçirijisi bolan asma liniýalaryň, podstansiýalaryň toplumynyň gurluşygy başlandy. Şeýle-de hereket edýän podstansiýalar täzeden gurlar we elektrostansiýalar üçin ätiýaçlyk şaýlary satyn alnar. Şu işler gutarandan soňra Türkmenistan özüniň Owganystana eksport edýän elektroenergiýasyny bäş esse köpelder. Şonuň ýaly hem, döredilen kuwwatly elektroenergiýany Pakistana we Täjigistana eksport etmäge mümkinçilik berer.
Türkmenistanyň himiýa we nebithimiýa toplumy dag himiýasyndan, esasy himiýadan, plastmas önümlerini öndürmekden, hojalykda ulanylýan himiki önümlerden hem-de senagatda peýdalanylýan uglerody öndürmekden ybarat bolup durýar. Türkmenistanyň himiýa önümlerini öndürýän karhanalary sintetiki ýuwujy serişdeleri, natriý sulfaty, sintetiki ammiagy, ýod we başga-da köp himiki önümlerini öndürýärler. Türkmenistanyň himiýa çig mal önümlerini senagatda ulanmakda hem-de himiýa we nebithimiýa senagatyny ösdürmekde örän gowy mümkinçilikler bar. Lebap welaýatynyň Gowurdak-Köýtendag ýerlerinde täze kaliý duzlarynyň ýataklary açyldy hem-de 2009-njy ýylda welaýatyň Garlyk şäherçesinde kaliý dökünlerini öndürýän Dag-magdan baýlaşdyryjy toplumynyň gurluşygyna başlandy. Kaliý dökünlerini öndürýän Dag-magdan baýlaşdyryjy toplumynyň gurluşygyna başlanmagy, munuň özi Türkmenistanyň ykdysadyýetine täze bir ulgamyň goşulýandygyny aňladýar. Şeýlelikde, kaliý duzlarynyň Garlyk ýatagy ýylda 1-den 1,5 million tonna çenli dökünleri öndürmäge ukyply, gelejekde bolsa 4 million tonna çenli artdyrylar. Toplumyň birinji nobatdakysynyň bahasy ABŞ-nyň bir milliard dollaryna barabardyr.
Türkmenistan ulag-aragatnaşyk ulgamynyň (demir we gara ýollarynyň, deňiz we derýa portlarynyň, turbageçiriji ulaglaryň) ösmegine bütin ýurduň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegine ýardam edýän infrastrukturanyň esasy düzüjisi hökmünde uly ähmiýet berýär. Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen ulag ulgamyndaky uly göwrümli halkara taslamalary sebitleýin we sebitara hyzmatdaşlyga täze itergi berer. Bu babatda häzirki döwürde ýörgünli we ykdysady taýdan oýlanyşykly öňe sürlen Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň gurluşygyny görkezmek bolar. 2010-njy ýylda türkmen tarapyndan öňe sürlen Merkezi Aziýadan Pars aýlagynyň ýurtlaryna ulag geçelgesiniň seljermesine seredildi. Häzirki wagtda Türkmenistanda demir ýollarynyň uzynlygy 3080 km barabardyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda olaryň uzynlygy 900 km çenli artdy. Tejen-Sarahs, Türkmenabat-Atamyrat, Daşoguz-Köneürgenç, Aşgabat-Garagum-Daşoguz ýaly täze demir ýollar guruldy. Ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň ýokarlanmagy bilen ýük daşamaklygyň göwrümi hem artýar. Geçen ýyla garanyňda, 2011-nji ýylda ýük daşamaklygyň göwrümi 104% artdy. Şu günki gün Türkmenistan “Demirgazyk-Günorta”, “Günbatar- Gündogar” geçirijiler boýunça demir ýol ýüklerini daşamaklygyň halkara transmilli merkezleriniň iň irisi bolup durýar. Türkmenistanyň çäginde uzynlygy 1400 km barabar bolan Şanhaý bilen Frankfurdyň arasynda gurlan Transaziýa-Ýewropa optiki süýümli geçiriji, radioreleý geçirijileri guruldy. Türkmenistanyň ilatly ýerleri durnukly aragatnaşyk bilen üpjün edilen. Ýurdumyzyň agrosenagat toplumynyň wajyp wezipelerine ilaty azyk önümleri bilen üpjün etmek, gaýtadan işleýiş senagatyny çig mal bilen üpjün etmek, önümçiligi ýokarlandyrmak we täze hojalyk gatnaşyklary ýola goýmak girýär. Şu günki gün Türkmenistan özüni azyk önümleri bilen üpjün edýär. 2011-nji ýylda Türkmenistan gallany eksport ediji ýurtlaryň hataryna girdi. Ýylda 217 müň tonna däne satuwa çykarylýar, onuň arasynda 150 müň tonna bugdaý, galany un görnüşinde çykarylýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda täze döwrebap ýokary tehnologik enjamlar bilen üpjün edilen, eksporta gönükdirilen tekstil senagaty guruldy we öňdebaryjy, ýokary öndürijilikli enjamlar bilen enjamlaşdyrylan 30 sany tekstil toplumlary we kärhanalar işe girizildi. Bu bolsa ýurtda pagta süýümini öndürmegiň kuwwatyny 3%-den 51%-e çenli artdyrmaga mümkinçilik berdi. 1995-nji ýyldan 2009-njy ýyla çenli döwürde nah matalaryň öndürilişi 8 esse artdy. Şunuň bilen “Türkmenistanda öndürilen” diýen nyşan bilen çykarylýan tekstil önümleriniň eksporty 29 esse artdy. Häzirki wagtda öndürilýän tekstil önümleriniň 70-80%-i Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna, ABŞ, Kanada, Russiýa, Türkiýä, Wengriýa, Hytaýa, Baltika ýurtlaryna, Ukraina we beýleki ýurtlara ugradylýar. Kärhanalar tarapyndan öndürilýän önümleriň ýyllyk göwrümi ABŞ-nyň 300 million dollaryna barabar boldy. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň maýa goýumlarynyň işjeňleşmegi Türkmenistanyň gurluşyk toplumynyň ösmegine getirdi. Uly göwrümli döwlet gurluşyk “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny döretmeklik ýaly taslamalaryndan başga-da, ýurtda ýaşaýyş jaýlaryň gurluşygy giňden alnyp barylýar. 2020-nji ýyla çenli niýetlenen obalaryň, şäherçeleriň, şäherleriň, etraplaryň, etrap merkezleriniň sosial durmuşyny özgertmekligiň milli maksatnamasy durmuşa geçirilýär. Onuň esasy wezipeleri bolup, oba ilatynyň durmuşynyň ýokary derejesini, hemme ilatly ýerleriň deňagramly sosial ösüşini üpjün etmek girýär.