TÜRKMENISTAN SSR-I XX ASYRYŇ 50-80-NJI ÝYLLARYNDA.
Garagum kanalynyň gurulmagy.XX asyryň başlarynda rus hökümeti Amyderýanyň suwuny Murgap, Tejen jülgelerine eltmek barada taslama işläp düzüpdir. Ol boýunça Amyderýanyň suwuny Tejende we Maryda pagtaçylygy ösdürmäge ulanmak meýilleşdirilýärdi. Emma 1904-05-nji ýyllaryň uruşlary we rewolýusiýalary, şeýle-de I jahan urşy, raýatlyk urşy bu taslama päsgel berdi. TSSR döränden soň ýene-de bu taslama gaýdyp gelindi. Ýene-de gözlegler geçirildi.
1940-njy ýylda SSSR Halk Komissarlar soweti Garagum kanalyny gurmak barada ýörite karar çykardy. Emma oňa Beýik Watançylyk urşy päsgel berdi. 1954-nji ýylda Garagum kanalynyň gurluşygyna ymykly başlanyldy.
Onuň gurluşygyna SSSR-iň dürli ýerlerinden işçiler, hünärmenler, traktorlar, enjamlar we ş.m. geldi. Kanal 4 tapgyrda guruldy. 1-nji tapgyr – Amyderýa-Murgap arasy. 1-nji tapgyry bir wagtda iki tarapdan gurup başladylar. Ýagny hem Amyderýa tarapdan, hem Murgap tarapdan. 1-nji tapgyr 20-nji ýyllarda gurlan Bosaga-Kerki kanalyny öz içine aldy. Şeýle-de kanalyň onlarça km-i Kelif uzboýy boýunça geçirildi. Gurluşyk örän kyn şertlerde amala aşyryldy. 1959-njy ýylyň ýanwarynda kanal Murgap jülgesine geldi. Onuň uzynlygy 400 km töweregi boldy. Şol ýylda Murgapda suw örän az bolupdy. Amyderýanyň suwunyň Murgaba gelmegi ilata örän uly kömek boldy. 1959-60-njy ýyllarda kanalyň 2-nji tapgyry guruldy. Ol Murgap we Tejen aralygyny öz içine aldy. 1960-njy ýylyň noýabrynda kanal Tejene geldi. 2-nji tapgyryň uzynlygy 140 km boldy. 1961-62-nji ýyllarda kanalyň 3-nji tapgyry guruldy. Ol Tejen bilen Gökdepe aralygyny öz içine aldy. Uzynlygy 260 km boldy. 1962-nji ýylyň maýynyň 12-sine kanal Aşgabada geldi. 1962-nji ýyldan soň kanalyň esasy liniýasyny gurmak birbada togtadyldy. Emma kömekçi desgalar guruldy (köpriler, bentler, suw howdanlary, kiçi kanallar we ş.m.). Kanalyň boýunda şu suw howdanlary guruldy: Zeýd, Hanhowuz, Gurtly, Sport, Köpetdag suw howdanlary. 1976-njy ýylda kanalyň 4-nji tapgyrynyň gurluşygy başlandy. Ýagny Gökdepe-Gazanjyk aralygy. 1979-njy ýylda Gyzylarbada ýetdi. 1981-nji ýylda bolsa Gazanjyga ýetýär. Uzynlygy 400 km-e deň boldy. Şeýdip kanalyň açyk görnüşli uzynlygy 1400 km boldy.
Garagum kanalynyň gurulmagynyň ähmiýeti: 1. Garagum kanalynyň suwy Murgap, Tejen, Etrek derýalarynyň suwlarynyň umumy möçberinden 4 esse köpdür. 2. Kanal täze ýerleri özleşdirmäge mümkinçilik berdi. 3. Täze kolhozlar, sowhozlar, ýaşaýyş nokatlary döredi. 4. Günbatar etraplaryň suw üpjünçiligi ep-esli gowulandy. 5. Oba hojalyk önümleri artdyryldy. 6. Ýaşaýyş nokatlaryň suw üpjünçiligi gowulandy. 7. Täze edara-kärhanalar we iş ýerleri döredildi. 8. Kanal boýunça gämi gatnawy ýola goýuldy. 9. Balyk öndürmek artdy. 10. Miweli baglaryň meýdany artdyryldy. 11. Kanalyň suwy Murgap we Tejen derýalaryna guýdurylyp, bu derýalaryň suwlary emeli usulda köpeldildi. 1999-njy ýylyň 4-nji maýynda Garagum kanaly Garagum derýasy diýlip atlandyryldy.
50-60-njy ýyllarda Türkmenistanyň ykdysadyýeti.XX asyryň 50-nji ýyllarynda Türkmenistanyň ýerasty baýlyklarynyň köp gorlary açyldy. Şol baýlyklary täzeden işlemek üçin birnäçe senagat kärhanalary döredildi. Tebigy gaz bilen işleýän birnäçe ýylylyk stansiýalary guruldy. 1970-nji ýylda Türkmenistan Orta Aziýa energetika halkasyna birikdirildi. 1959-njy ýylda Hazar ýalpaklygynda ilkinji gözleg-burawlaýyş işleri başlandy we ilkinji nebit alyndy. Deňziň düýbünden. Täze nebit ýataklary, ýagny Goturdepe, Barsagelmez, Ekerem we ş.m. tapyldy we olardan nebit alnyp başlandy. 1958-65-nji ýyllarda Türkmenistanda nebit almak iki esse artdy. 1959-njy ýylda Merkezi Garagumda uly tebigy gaz käni tapyldy.
1964-nji ýylda nebit bilen çykýan ugurdaş tebigy gazy ulanmak ýola goýuldy. Goturdepe-Belek-Krasnowodsk gaz geçirijisi guruldy. Onda ugurdaş gaz ulanylýardy. Türkmen gazy Ýewropa äkidilip başlandy. Bu döwürde birnäçe senagat kärhanalary guruldy. 1960-njy ýylda Aşgabatda nebit maşyn gurluşygy zawody guruldy. 1962-nji ýylda Çärjewde super-fosfat zawody guruldy. 1965-nji ýylda Çelekende tehniki uglerod zawody guruldy.
Ençeme kärhanalaryň enjamlary täzelendi. Kärhanalarda täze öňdebaryjy sehler döredildi. Olarda täze tehnologiýalar ulanyldy. Meselem Krasnowodskdäki nebiti gaýtadan işleýän zawodynda sintetiki ýuwujy serişdeler öndürilip başlandy. Piwony çüýşä guýmak, süýdi, duzy we beýleki önümleri kagyz haltajyklara, polietilen haltajyklara gaplamak başlandy. Bu döwürde gurluşyk materiallary senagaty döredildi. 1957-nji ýylda Aşgabatda demir-beton zawody işläp başlady. Şol ýylda Büzmeýinde gurluşyk materiallary zawody guruldy. Çärjewde, Maryda we beýleki şäherlerde gurluşyk kombinatlary ulanmaga berildi.
Iri panelli jaýlary gurmak tehnologiýasy özleşdirildi. Şeýle-de bu döwürde ýollary gurmak uly gerime eýe boldy. Aşgabat bilen oblast merkezleriniň arasynda, raýon merkezleri bilen kolhozlaryň arasynda asfalt ýollar guruldy. Ol ýollardan ilkinji ýolagçy awtobuslary gatnap başlady. Aşgabat bilen oblast merkezleriniň arasynda yzygiderli howa gatnawy ýola goýuldy. Krasnowodskdan Astrahana, Baku-a, Mahaçkala yzygiderli perom gatnawy ýola goýuldy.
Bu döwürde käbir kemçiliklere hem ýol berildi. 1960-njy ýylda Moskwada kabul edilen karar bilen senetçileriň kooperasiýasy ýatyryldy. Munuň netijesinde köp senetçiler işsiz galdy. Türkmenistanda henizem taýýar önüm öndürilmedi. Meselem kükürt Türkmenistandan çykarylýardy, emma otlyçöp Türkmenistana başga ýerlerden getirilýärdi. Pagta Türkmenistanda önýärdi, emma nah mata başga ýerden getirilýärdi. Türkmenistan monokultura ýurdy bolmagynda galýardy.
1959-njy ýyldan başlap oba ýaşaýjylarynyň şahsy mallary çäklendirilip başlandy.
50-60-njy ýyllarda Türkmenistanyň sosial-durmuşy.50-60-njy ýyllarda ykdysadyýetde bolup geçen özgerişler ilatyň sosial ýagdaýyny gowulandyrmaga şertler döretdi. 50-nji ýyllaryň ahyrynda SSSR-de, şol sanda Türkmenistanda-da ýaşaýyş jaýlary görlüp eşidilmedik derejede köpçülikleýin gurlup başlandy. Millionlarça adamlar batraklardan çykyp öz başlaryna kwartiralarda ýaşap başladylar. Ol kwartiralar adamyň ýaşamagy üçin zerur bolan şertler bilen üpjün edildi. Umuman bu döwürde adamyň ýaşaýşynyň gowulandyrylmagyna üns berlip başlandy. Türkmenistanyň paýtagtynda we beýleki şäherlerinde ähli şertleri bolan jaýlar köpçülikleýin guruldy. Ilkinji mikroraýonlar peýda boldy (Aşgabatda ilkinjisi 30-njy mkr.). Şeýle-de döwletiň gurluşyk edaralaryndan başga ýaşaýyş kooperatiwleri döredildi. Döwlet jaý gurmaga karz pul berip başlady. Oba ýerlerinde jaý gurmak uly gerime eýe boldy. Şol döwre çenli obalarda esasan kepbelerde ýaşaýardylar. Indi bolsa kolhozçylar ýörite taslama boýunça bişen kerpiçden gurlan jaýlara köpçülikleýin göçüp başladylar. Obalarda göni ýollar çekildi. Ol ýollara asfalt düşeldi. Obalar kitaphanalar, medeniýet öýleri, keselhanalar we ş.m. bilen üpjün edildi. Kolhoz jaýlaryny gurmaklyga-da kolhozlar we döwlet örän az göterim bilen karz pul berdi.
Bu döwürde mekdepleriň medeni aň-bilim edaralarynyň gurluşygy giň gerime eýe boldy. Kinoteatrlar, klublar, keselhanalar, medeniýet öýleri, dükanlar we ş.m. örän köp guruldy. Şäherlerde we raýon merkezlerinde çagalar baglary guruldy. Ýaşaýyş jaýlaryna tebigy gaz çekilip başlandy. Ilat holodilnik, telewizor, radio, mebel we ş.m. durmuş harytlaryny köpçülikleýin edinip başlady. Hojalyklarda welosipedleriň, motosiklleriň sany artdy. Iki-ýeke ýeňil awtomobilli hojalyklar peýda boldy.
Bu döwürde Türkmenistanda orta mekdepleriň, ýokary okuw mekdepleriniň sany hasam artdy. Emma bilim ulgamynda käbir kemçiliklerem bardy. Meselem: mekdeplere mugallymlar ýetmeýärdi. Şol sebäpden käbir dersler düýbünden okadylmaýardy. Ýa-da ol dersleri bu ugurdan taýýarlanmadyk mugallymlar okadýardy. Şeýle-de bu döwürde okuwçylary meýdan işlerine çekmek giň gerime eýe boldy. Bahar aýlarynda pagta otagy wagty, şeýle-de güýzde pagta ýygymy wagty okuwçylar we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary okuwlaryny taşlap birnäçe aýlap meýdan işlerine gitmeli bolýarlar. Şeýle-de bu döwürde oblast merkezlerinde ýerleşen 4 sany pedagogik institutlaryň 3-si ýapyldy. Bu bolsa taýýarlanýan mugallymlaryň sanyny ep-esli azaltdy.
50-60-njy ýyllarda Türkmenistanyň medeniýeti.Bu döwürde türkmen ylmynda käbir öňe gidişlikler gazanyldy. Ylmy edaralaryň sany köpeldi. Ylmy işgärleriň sany artdy. Meselem taryh ylmynda iň gadymy döwürden 50-nji ýyllara çenli döwri öz içine alýan Türkmenistanyň taryhy kitaby 2 tomluk rus we türkmen dillerinde çykaryldy. Türkmen taryhçy alymlary Şaja Batyrow, Şamyrat Täşliýew, Myrat Annanepesow we beýleki taryhçy alymlar ösüp ýetişdi. Bu döwürde 60-dan gowrak ylmy edaralar hereket edýärdi. Olarda 2600-den gowrak ylmy işgärler işleýärdi. Olardan 39 sanysy ylymlaryň doktorydy. Çöller institutynyň, Zoologiýa institutynyň, Ykdysadyýet institutynyň bitiren işleri bolsa diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem halkara derejesinde ykrar edilipdi.
1958-nji ýyldan başlap Türkmenistanda türkmen telewideniýesi işläp başlady. 1967-nji ýyldan başlap Türkmenistanda Moskwa gepleşikleri geçirilip başlandy. Şol ýylda Edebiýat we sungat gazeti çykyp başlady. Türkmen kino sungaty uly ösüşe eýe boldy. 1963-nji ýylda “Şükür bagşy” filmi çykdy. Onuň režissýory Bulat Mansurow. Şeýle-de 1965-nji ýylda “Aýgytly ädim” filmi çykdy. Režissýory Alty Garlyýew. Bu filmler birnäçe halkara baýraklara mynasyp boldy. Bu döwürde Türkmen edebiýaty ýokary derejelere ýetdi. Türkmen nusgawy şahyrlarynyň ählisiniň diýen ýaly eserleri köpçülikleýin çap edildi. Türkmen dessanlary we eposlary köp tiraž bilen çykarylyp okyjylara ýetirildi. Türkmen ýazyjy-şahyrlary täze eserleri döretdiler. Olaryň eserleri birnäçe dillere terjime edildi. Beki Seýtäkowyň “Doganlar” romanyny, Berdi Kerbabaýewiň “Aýgytly ädim” romanyny, Hydyr Derýaýewiň “Ykbal” romanyny, Gylyç Kulyýewiň “Emiriň ilçisi”, “Ýanbermez Alžirli” romanlary we ençeme beýleki romanlar, powestler, hekaýalar, goşgular çykdy. Şeýle-de bu döwürde türkmen hudožnikleri Yzzat Gylyjowyň, Aýhan Hajyýewiň we beýlekileriň eserleri halkara derejede meşhurlyga eýe boldylar. Türkmen kompozitorlary doganlar Weli we Nury Muhadowlar diňe bir Türkmenistanda däl, öz eserleri bilen bütin SSSR-de meşhurlyk gazandylar.
Durgunlyk döwründe Türkmenistanyň Merkeze bolan garaşlylygy.Kanun boýunça Türkmenistan SSR-i garaşsyz döwlet hasaplanýardy. Emma ol esasan kagyz ýüzündedi. Türkmenistanyň syýasy durmuşy Moskwadan kesgitlenýärdi. Türkmenistanyň ýolbaşçylary Moskwadan bellenýärdi. Ykdysadyýeti hem Moskwadan kesgitlenýärdi. Türkmenistanda näme öndürmeli?, näçe öndürmeli?, näçeden satmaly? ýaly ýüzlerçe meseleler Moskwada çözülýärdi. Türkmenistanyň çig maly örän arzan satyn alnyp, ondan öndürilýän senagat harytlary örän gymmat satylýardy. Medeniýetde ençeme üstünlikleriň gazanylandygyna garamazdan, bu ugurda-da garaşlylyk berk duýulýardy.
Türkmen diliniň ulanylmagy barha çäklendirildi. Sungat eserleri sowet ideologiýasyna gabat gelmelidi. Ähli sungat eserleri Moskwada berk barlanylýardy. Şol sebäpden sungat eserleri türkmen dilinden rus diline geçirilýärdi. Olar şondan soň köpçülige ýaýradylýardy. Şeýle-de halk arasynda, esasanam ýaşlaryň arasynda türkmen diline kembaha garamak güýçlendi. Ol döwürde SSSR-de kommunizm jemgyýetini gurmak esasy maksatdy. Kommunizmde bolsa bütin SSSR-de bir halk, ýagny rus milleti, bir dil, ýagny rus dili bolmalydy. Beýleki diller ýitip gitmelidi. Şol sebäpden milli respublikalaryň birnäçelerinde şol sanda Türkmenistanda-da öz ene dilini bilmeýän, öz medeniýerini äsgermeýän türkmenleriň sany artdy.
1940-50-nji ýyllardan başlap SSSR-de alnyp barlan syýasat boýunça ykdysadyýetde, medeniýetde, hususan-da bilim ulgamynda türkmen diliniň ulanylmagy örän çäklendirildi. Ýokary okuw mekdepleriň köpüsinde dersler diňe rus dilinde okadylyp başlandy. Konstitusiýada Türkmenistanyň döwlet dili türkmen dili diýlip aýdylsa-da, döwlet derejesinde türkmen dili ulanyşdan galdy. Şeýle-de milli däp-dessurlar, dini däp-dessurlar örän çäklendirildi. Beýik Watançylyk urşunyň yz ýanyndaky ýyllarda Türkmenistanda ýeke metjidem işlemeýärdi. Diňe 1970-80-nji ýyllarda sanaýmalyja metjitler täzeden açyldy.
SSSR-iň çuň krizise düşmeginiň sebäpleri.Sowet döwletiniň gurulmagynyň esasy maksady bütin dünýäde kommunistik jemgyýet gurmakdy. Şol sebäpden SSSR daşary ýurtlarda, kommunistik we işçiler hereketini, azat edijilik hereketini dürli ýollar bilen goldaýardy. Munuň üçin hiç zady gaýgyrmaýardy. Hem maliýe, hem harby kömegini, maddy kömegini berýärdi. SSSR-iň özünde bolsa şol wagtlar gytçylyk bardy.
30-njy ýyllarda SSSR-iň ýolbaşçylary bütin dünýäde kommunizm gurup bolmajakdygyna doly göz ýetirdiler. Şol sebäpden diňe SSSR-de gurmak karar edildi. Ilkinji ýyllardan başlap ähli önümçilik serişdeleri döwlet eýeçiligine geçirildi. Hususy eýeçilik ýok edildi. Ykdysadyýetde diňe ýekeje eýeçiligiň, döwlet eýeçiliginiň agalyk etmegi köp kemçiliklere getirdi. Zähmete hak tölemekde deňleşdirmek ýörelgesi ulanyldy. Ýagny gowy işgärem, ýaramaz işgärem deň hak aldylar. Bu bolsa gowy işlemäge bolan höwesi gaçyrdy. Netije-de öndürijilik pese gaçdy. Barha köp ýaramaz hilli önüm öndürildi. Sowet harytlary dünýä derejesinde bäsdeşlige çydamady. Ömrüniň ahyrynda sowet döwleti esasan çig malyň hasabyna ýaşady. Ýagny, nebit-gaz, agaç, metal satyp gün gördi.
SSSR-de syýasy häkimiýet ýolbaşçylaryň kiçijek toparynyň elindedi. Bu topar ukyply adamlary ýolbaşçylyga golaýlaşdyrmaýardy. Olar öz wezipelerini ölýänçäler eýeleýärdiler. Meselem, 1982-nji ýylyň noýabrynda Brežnew öldi. Ömrüniň ahyrynda ol agyr kesellidi we ýurdy dolandyryp bilmeýärdi. Onuň ýerine
Ý.W. Andropow saýlandy. Ol bir ýyldan gowrak wagt ýurda baştutanlyk etdi. Emma diňe ýarym ýyl işläp bildi. Galan wagtyny hassahanada geçirdi. 1984-nji ýylyň fewralynda Andropow öldi. Onuň ýerine Çernenko geçdi. Ol wezipä geçende garry we kesellidi. 1985-nji ýylyň martynda ol hem öldi. Onuň ýerine Gorbaçýowy saýladylar. Emma olan ýaş bolsa-da SSSR ýaly uly ýurdy dolandyrmaga taýýar däldi. Ol öz güýjüne artykmaç baha berip, ýurtda reformalara başlady. Ol reformalar ters netijeleri berdi. Döwletiň dargamagyna getirdi.
Sowet gurluşy döwleti talabalaýyk dolandyryp biljek adamlary öňe çykarmaga ukypsyzdy. 1980-nji ýyllaryň başlarynda dünýä bazarynda nebitiň bahasy birden pese gaçyp başlady. SSSR-iň bolsa girdejileriniň köp bölegi nebitden gelýärdi.
1989-njy ýylda nebitiň 1 barreliniň bahasy 19 dollara çenli arzanlady. Şeýdip
SSSR-iň girdejileri hem azaldy. Şeýle-de SSSR ABŞ bilen ýarag öndürmekde bäsleşýärdi. Ol hem köp çykdajy talap edýärdi. Muňa garamazdan SSSR dünýädäki işçiler hereketlerini, kommunistik partiýalary goldamagyny dowam edýärdi. Munuň üçin daşary ýurtlara örän köp pul serişdeleri, ýaraglar, maddy önümler ugradylýardy. Şeýle-de SSSR 1979-njy ýyldan 1989-njy ýyla çenli Owganystanda uruş alyp bardy. Olam köp çykdajy talap etdi. Şu aýdylan zatlar we başga-da birnäçe faktorlar SSSR-iň çuň krizise düşmegine getirdi.